Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky "Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap fabrikleriniň toplumy" Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrligine degişli bolup 2004-nji ýylyň awgust aýynda gurluşygyna başlanyp 2006-njy ýylyň iýun aýynda işe girizildi Kärhana ýapyk görnüşli Paýdarlar Jemgyýeti bolup, kärhananyň maýalyk gory denominirlenmedik türkmen manadynda 50 mln. manatdan ybarat bolup onuň 70%, ýagny 35 mln. manady Türkmenistanyň Dokman Senagaty ministrliginiň we 30%, ýagny 15 mln. manady "Kalkan dış ticaret LTD" Türkiýäniň kompaniýasynyň paýy bolup durýar. Kärhana esasan 2 sany önümçilik sehinden ybarat bolup: 1. Tikin önümçilik sehi. 2. Aýakgap öndürýän sehi. 2022-nji ýylyň 12-nji aýynda meýilnama boýunça 11 819 328 manat önüm öndürilmeli bolsa, ýerine ýetirilen 24 439 085 manat. Häzirki wagtda 330 sany adam zähmet çekýär.
“Altyn Asyr” harytşynaslyk merkezi “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşany bilen köp sanly matalary hödürleýär. Olaryň köpüsi Ruhabat dokma toplumynda öndürilýär. B...
“Biçüw” atly birleşik "Nurland" markasynda ýokary hilli we ajaýyp eşikler bilen watandaşlaryny begendirmegini dowam etdirýär. Bu barada "Rysgal" gazeti habar berýär. K...